TEHNOLOGIÝA

57 günde 1 million sanysy satyldy

“Samsung Electronics” kompaniýasynyň maliýe hasabatyna laýyklykda, “Galaxy S21” smartfonlarynyň satuwy 1 milliona ýetdi. Şeýlelikde. şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda köpçülige hödürlenen täze görnüşli telefonyň sawutynda 1 millionlyk görkezijä ýetildi.

57 günüň dowamynda 1 milionlyk sepgide ýetilmeginiň özi uly wakadyr. Mundan ozalky şu görnüşli telefonde şeýle netije gazanylmandy.

Şu ýyl “Samsung” kompaniýasy özüniň täze telefonlary tanyşdyrmak däbini üýtgedip, fewral aýynda däl-de, ýanwar aýynda “Galaxy S21” telefonyny görkezdi we ol bahasynyň arzanlygy bilen hem tapawutlandy. Günorta Koreýanyň özünde bu telefonyň bahasy 880 dollara deňdir. “Galaxy S20” täze çykan döwründe 1100 dollardy.

Maglumatlara laýyklykda, “Galaxy S21” telefonunyň 60 göterimi internet dükanlary arkaly satyn alyndy.

“Samsung Galaxy S21” üç sany dürli modelleri özünde jemleýär. Olar “Galaxy S21”, “Galaxy S21 Plus” hem-de “Galaxy S21 Ulta” modelleridir. “Galaxy S21” modeli 25W tizlikli we 15 Wt simsiz zarýad beriş goldawy bolan 4000 mAh akkumulýatoryna eýedir.

 

Türkmenistanda teatr möwsümi açylýar

Ýene-de okaň

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi