TEHNOLOGIÝA

Türkiýäniň ilkinji kosmonawty kosmosa çykar

2024-nji ýylyň başynda kosmos giňişligine çykjak Türkiýe Respublikasynyň ilkinji kosmonawty belli boldy. Bu barada senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr habar bardi.

Ministriň bellemegine görä, Alper Gezerawjy 2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda kosmos giňişligine çykar.

Türkiýeli kosmonawt Halkara kosmos bekedinde Ispaniýanyň, Italiýanyň hem-de Şwesiýanyň astronawtlary bilen bilelikde işlär.

Türkiýe Respublikasynyň ilkinji kosmonawtynyň kosmos sapary 14 gün dowam eder. Ol bu döwürde Halkara kosmos bekedinde 13 sany barlag işini alyp barar. Türkiýäniň kosmonawtlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tälim aldylar.

Türkiýe Respublikasy kosmos giňişligini öwrenmek üçin 5 ýyl mundan ozal, Kosmos agentligini esaslandyrdy.

Related posts

Şweýsariýa öz emeli intellekt modelini hödürledi

Awtoulag pudagynda german-hytaý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Tehnologiýa ägirtlerinden “çip ýetmezçiligi” barada beýannama: 2023-nji ýyla çenli dowam eder