TEHNOLOGIÝA

“Bentley” kompaniýasy elektrikli ulaglar öndürer

Dünýä belli “Bentley” awtoulag kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli ýangyç ulanýan awtoulaglarynyň deregine elektrik togy bilen işleýän awtoulaglaryna geçmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa arassa ekologik ulaglaryň sanawynda dünýä lideri bolmak isleýär. Bu babatda 12 silindrli hereketlendiriji öndürýän kompaniýa özüniň biznes toparyndaky öndürýän awtoulaglaryna täze elektrikli görnüşe geçmek üçin käbir üýtgeşmeler geçirmeli bolarlar.

Şeýle hem kompaniýa elektrikli işleýän awtoulaglaryna ýuwaş-ýuwaşdan geçmegi isleýändigini belledi. 2021-nji ýylda “Bentley 100” atly gibrid hereketlendirijisi bolan awtoulagyny hödürlär. 2019-njy ýylda bolsa “EXP 100 GT” atly awtoulagyny çykardy we şol awtoulagda 2035-nji ýylda çykaryljak elektrikli awtoulaglar barada düşünje beripdi. 2025-nji ýylda “Bentley” kompaniýasy ilkinji doly derejede taýýar elektrikli awtoulagyny hödürlemek isleýär. 2026-njy ýylda awtoulaglar diňe gibrid hereketlendirijisi we elektrikli görnüşde çykarylar. 2030-njy ýyldaky öndüriljek bu markanyň awtoulaglary hemmesi elektrik görnüşinde çykarylar.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi