JEMGYÝET

Türkmenistan Hytaý Taýpeýi 3:1 hasabynda utdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy toparyny 3:1 hasabynda utup, öz toparçasynda birinji orny eýeledi.

“D” toparçanyň dördünji tapgyrynyň çägindäki duşuşyk Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçirildi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary duşuşygyň 13-nji minutynda Rahman Myratberdiýew, 53-nji minutda Elman Tagaýew hem-de 79-njy minutda Meýlis Diniýew geçirdi. 

Şeýlelikde, gazanan wajyp ýeňşinden soň 12 utuk toplan ýurdumyzyň milli ýygyndysy ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. Tailandyň milli ýygyndy toparymy hem geçiren duşuşyklarynda 12 utuk toplamagy başardy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde ýurdumyzyň ýygyndy topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär.

6 utugy bolan Şri-Lankanyň milli ýygyndysy 3-nji, utuk toplap bilmedik Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy topary bolsa 4-nji orunda ornaşdylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary nobatdaky duşuşygynda myhmançylykda Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Bu duşuşyk 2026-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriler.

Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alýandyklaryny ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri