TEHNOLOGIÝA

300 ýyllyk haty okamagyň tehnologiýasy

Alymlar 300 ýyl gowrak mundan ozal ýazylan haty açmazdan okamagy başardylar. Gözlegde rentgen maşynlary we ýokary ölçegli üç ölçegli skanerler ulanyldy. 1697-nji ýylda ýazylan hatyň mazmuny indi adamzat üçin syr däl. Gadymy hatyň bitewiligine zyýan bermezden mazmuny okap bildiler.

Gadymy hatda aradan çykylandygy barada ýazylypdyr. Ýöne bu ýerde gürrüň hatyň mazmuny däl-de, eýsem onuň gatynyň hem açylman okalýandygynda barýar. Munuň üçin häzirki zaman tehnologiýalary ulanyldy. Wirtual açylyş usuly diýilýän usul bilen skanirlenen hatdaky harplar degişli ýerlere ýerleşdirildi.

Gaagada (Niderlandlar Patyşalygynda) sandykda gadymy hat tapyldy, könelmegi sebäpli ony adaty ýagdaýda açmak mümkin bolmazdy. Şonuň üçin hatda näme ýazylandygyny okamak üçin şeýle usula baş goşdular.

Bu hatyň 1697-nji ýylyň 31-nji iýulynda ýazylandygy ýüze çykdy. Awtory Žak Senak atly adam.

 

Kosmos syýahatçylygy üçin ýoldaş gözleýär

Ýene-de okaň

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

“Alibaba” kompaniýasy emeli aň ulgamyna 52 milliard dollar maýa goýar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi

Dünýäniň iň “akylly” emeli intellekt modeli “Grok 3”

Gazagystan uçýan taksilere gyzyklanma bildirýär

Ilon Maskdan iň “akylly” emeli intellekt taslamasy