DÜNÝÄ

Azerbaýjan bilen BAE emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň “Presight” kompaniýasy 2025–2028-nji ýyllar üçin Azerbayjan Respublikasynyň Emeli aň strategiýasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşüni’mek hakyndaky ähtnama gol çekdi.

Bu resminama Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen giňişleýin düzümde geçirilen duşuşykda gol çekildi.

Mundan başga-da, Ylym we bilim ministrligi bilen “Presight” kompaniýasynyň arasynda bilim ulgamynda emeli aňyň ulanylyşyny giňeltmek boýunça hem ähtnama baglaşyldy.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň Azerbaýjana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda 14 şertnama baglaşyldy.

Related posts

37 ýyldan soňra tapylan çüýşe

Gazagystan-Azerbaýjan-Türkiýe: Transhazar halkara ulag ýoly ösdüriler

Dışişleri Bakanı Çavuşoğlu’nun Türkmenistan temasları

vepa