BILIM

Şwesiýanyň mekdeplerinde okuwçylaryň mobil telefon ulanmagy doly gadagan ediler

Şwesiýa mekdeplerde çagalaryň telefon ulanmagyna milli derejede gadagançylyk girizýär. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berýär.

Täze düzgünler 2026-njy ýylyň güýzünden güýje girer. Mugallymlar 7–16 ýaş aralygyndaky okuwçylardan sapak başlamazdan öň telefonlaryny ýygnap, sapak gutarandan soň yzyna bermäge borçly bolarlar. Täze düzgünleriň esasy maksady – çagalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we olaryň okuw prosesine işjeň gatnaşygyny üpjün etmekdir.

Bilim ministri Simona Mohamsson bu çözgüdiň soňky 30 ýylda Şwesiýanyň bilim ulgamynda amala aşyryljak iň giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň bir bölegi boljakdygyny aýtdy.

Neşirde bellenilişi ýaly, köp mekdeplerde beýle düzgün eýýäm içki düzgünnamada bar, emma çagalar ony alyp geçmegiň ýollaryny tapýarlar: mekdebe birnäçe telefon alyp gelýärler ýa-da ony öýünde galdyrandygyny aýdýarlar.

Related posts

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

2025-2026-njy okuw ýyly üçin “FLEX” maksatnamasynyň bäsleşigi

Ata Watan Eserleri

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

Ata Watan Eserleri