SPORT

27 ýyldan soňra türk toparlary Çempionlar ligasyna gatnaşmaýar

Üstümizdäki ýylda UEFA-nyň toparlar derejesindäki iň uly we abraýly ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň ýaryşyna türk toparlary gatnaşyp bilmedi. Ýurduň çempiony “Trabzonspor” topary hem pleý-off tapgyrynda Daniýanyň “Kopengagen” toparyndan ýeňlip, Çempionlar ligasyna gatnaşmak mümkinçiligini elinden giderdi.

Şeýlelikde, 27 ýyldan soňra Türkiýäniň futbol toparlary bu ýaryşda orun almaýar. soňky gezek türk toparlary 1995-1996-njy ýylyň möwsüminde bu ýaryşa gatnaşyp bilmändi.

Türk toparlarynyň Çempionlar ligasynda gazanan iň uly üstünligi çärýek final boldy. “Galatasaraý” we “Fenerbahçe” toparlary bu ýaryşda çärýek finala çenli gelip bildiler.

“Galatasaraý” topary rumyniýaly tälimçi Mirça Luçeskunyň tälim berýän döwründe 2000-2001-nji ýylda hem-de Fatih Terimiň tälim beren 2012-2013-nji ýylda çärýek finala çenli barypdy. “Fenerbahçe” topary bolsa, 2007-2008-nji ýylda braziliýaly tälimçi Zikonyň tälim bermeginde çärýek finala çykmaga mümkinçilik alypdy.

Şu ýylyň Çempionlar ligasynyň bijeleri şu gün Stambul şäherinde çekiler.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy