Daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdebiniň dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň («Academic Ranking of World Universities», «QS World University Rankings», «Три миссии университета» we «The Times Higher Education World University Rankings») kesgitleýän sanawyna giren bolmagy hökmany şert hökmünde talap edilýär.
Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynyň “Reýting” bölüminde her ýyl üçin bu dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň sanawy ýerleşdirilýär.
Şu gün bu bölümde täze reýtingler, ýagny 2025-nji ýylyň reýting sanawy ýerleşdirildi.
Hormatly okyjylarymyz biz bu sanawy aşakda Size ýetirýäris. Ýagny bu sanawlardan haýsyda bolsa birinde Siziň okamak isleýän uniwersitetiniňz bar bolsa, onda, bu ýokary okuw mekdepleriň diplomlary Türkmenistanda ykrar edilmäge degişlidir.
THE_2025 – The Times Higher Education World University Rankings
Academic_Ranking_of_World_Universities_2024
“Uniwersitetiň üç wezipesi” atly Moskwanyň halkara reýtingi
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com