SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkiýäniñ syýahatçylyk pudagynda ýeten sepgitleri

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan şu ýylyň 6 aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyndaky ösüşine bagyşlanyp Stambul şäherinde metbugat ýygnagy geçirildi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý öz çykyşynda 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýurda 26,1 million jahankeşdäniñ gelendigini belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 13,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe ýurduň syýahatçylyk pudagyndaky girdejisi 23,7 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, ösüş depgini 9,3 göterime deň boldy. Her bir syýahatçynyñ ortaça günlük harajady bolsa 98 dollara ýetdi.

Ministr Ersoy bu ugurda  ýetilen sepgitler barada aýtmak bilen, ışleriñ Türkiýäniñ şu ýylyñ barşynda 60 million syýahatçydan 60 milliard dollar girdeji gazanmak boýunça kabul eden meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýandygyny belledi.

Russiýa, Germaniýa we Beýik Britaniýa syýahatçylyk pudagynda Türkiýäniň iň möhüm bazarlary bolup durýarlar. Agzalyp geçilen yurtlardan gelen daşary ýurtly syýahatçylar esasan Antalýa, Stambul, Izmir we Mugla şäherleri ýaly ýurduñ iň meşhur syýahatçylyk merkezlerinde dynç almagy makul bildiler.2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Russiýadan 2,7 milliondan gowrak syýahatçy, Germaniýadan 2,5 milliondan gowrak jahankeşde, şeyle hem Angliýadan takmynan 1,8 million syýahatçy dynç almak üçin Türkiýä geldi.Türkiýäniň taryhy, medeni we arheologiki mirasy hem bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 14 milliona golaý jahankeşde Türkiýäniň muzeýlerine we taryhy ýadygärlikllerine baryp gördüler. Bu bolsa 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 12 göterim köpeldi. Agzalan döwürde Izmirdäki Efes ýadygärligi, Konýadaky Mewlana muzeýi, Deñizlidäki Hierapolis, şeyle hem Pamukkale, Kapadokiýadaky ýagny Newşehirdäki Göreme we Zelve- Paşabaglary Türkiýäniň iň köp gelim-gidimli taryhy ýerleri boldy.

 

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistan Germaniýa hünär kämilleşdirmek üçin 800 şepagat uýasy iberer

Türkmenistanyň awiasiýasy hünärmenleriniň hünär derejesi ýokarlandyrylar

BSGG maýmyn mama keseline garşy ilkinji waksinany tassyklady

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda şäherara awtobuslaryň petegini onlaýn satyn almak hyzmaty kämilleşdirildi

“Skytaxi” kompaniýasynyň ýük uçary Türkmenistana ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

Türkiýäniň syýahatçylyk meýilnamasy: 60 million syýahatçy