JEMGYÝET

2023-nji ýylda Ministrler Kabinetiniň 46 mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2023-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň taryhynda hemişelik galjakdygyny belledi.

Geçip barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň 46, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 10 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 44-si geçirildi. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň iýun aýynda Arkadag şäheriniň açylmagy ṣol wakalaryň hatarynda möhüm orun eýeledi. Bu şähere kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi — döwlet ähmiýetli şäher derejesi berildi. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Gurluşygyň tamamlanan birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy bina edildi.

Türkmenistanyň günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi munuň aýdyň nyşanydyr.

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran welaýatara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Türkmenistana çagyrdy

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy