TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATY WE MEJLISI
Geljek ýylda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara hem-de içerki çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy mynasybetli, 2022-nji ýylyň iň oňat nyşanyny taýýarlamak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýärler. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.
Bäsleşigiň maksady ýylyň iň oňat nyşanyny taýýarlamakdan, ýurdumyzda ýylyň dowamynda geçirilýän dürli syýasy, baýramçylyk we medeni-köpçülik çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegini gazanmakdan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzda, aýratyn-da, ýaş nesillerde ata Watanymyza bolan buýsanjy we söýgini ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşige ýurdumyzyň suratkeşleri, dizaýnerleri, suratkeş mugallymlary we talyplary, okuwçy ýaşlary, şeýle hem höwesjeň adamlar gatnaşyp bilerler. Hödürlenilýän işler çeperçilik sungatynyň şu ugurlary boýunça ýerine ýetirilmelidir:
— grafika-plakat işleri görnüşinde;
— kompýuter grafikasy boýunça.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz döreden işlerini PSD we JPEG görnüşinde CD, DVD disklerde we beýleki elektron göterijilerde hödürläp bilerler. Olar bäsleşige hödürleýän işleriniň ýanyna özleri hakynda maglumatlary goşmalydyrlar (işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgisi).
Bäsleşige islendik ýaşdaky adamlar gatnaşyp bilerler we olaryň hödürleýän işleriniň sany çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işler we olaryň awtorlary baradaky maglumatlar 2021-nji ýylyň15-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde hasaba alynýar.
Iň gowy diýlip hasap edilen işler jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere hödürlener.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýolunyň 110-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 21- 47- 82.
Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär