JEMGYÝET

20-nji martda ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler

Şu ýylyň 20-nji martynda ähli halk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Şol mejlisde 20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky resminama gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz bag ekmek dabarasyny Milli bahar baýramy we Halkara Nowruz baýramyny göz öňünde tutup, her welaýat we Aşgabat şäheri öz çäklerinde bu çäräni guramaçylykly geçirmek üçin tabşyryklar berdi.

Şu ýyl ýurdumyzda boýunça 3 million düýp nahaly oturtmak göz öňünde tutulýar.

 

Saýlaw-2022: halkara guramalaryndan synçylar çagyryldy

Ýene-de okaň

Türkiýe Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

Dünýä çempionatynyň finaly: Argentina-Ispaniýa

Türkmenistan bilen Gruziýa teatr we muzeý hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan-Gruziýa: 20-den gowrak resminama gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy