JEMGYÝET

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen halkara foruma gatnaşmak üçin gelen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Duşuşykda Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini 21-22-nji dekabrda Peterburgda geçiriljek GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek çagyrdy.

Putin Aşgabadyň alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň Russiýa bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna uly goşant goşýandygyny belläp geçdi.

Russiýanyň Prezidenti: “Gatnaşyklarymyz üstünlikli ösýär. Biziň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda köp işler edildi. Ýene-de köp zat edip biljekdigimize ynanýaryn” diýip belledi.

Putin Moskwanyň we Aşgabadyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň has-da diwersifikasiýalaşýandygyny belläp,  taraplaryň ähli halkara platformalarda hem gowy özara hereket edýändiklerini aýtdy.

Related posts

Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Türkmenistanda elektrikli jemgyýetçilik ulaglarynyň ulanylan ilkinji şäheri boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Aral boýunça teklipleri öňe sürdi