JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy. Bu barada düýn geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hasabat bilen çykyş etmezden ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ençeme ýyllaryň dowamynda diplomat hökmünde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny nygtady. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň türkmen tarapyndan başlygy bolmak bilen, döwlet Baştutanymyz netijeli döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda maksada gönükdirilen işleri durmuşa geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy bu ýokary sylagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine amala aşyrýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistana we onuň halkyna tüýs ýürekden hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem-de däp bolan türkmen-rus dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle-de bu sylag Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyza belent halkara abraý getiren parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

 

Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan Türkmenistana geler

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi