JEMGYÝET

1530 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

Şu gün Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu mejlisde birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,  ýurdumyzda ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk 28167 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem 4438 sany daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüz tutmalary hasaba alnan 1530 adamyň, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekillerini raýatlyga almak üçin degişli işler geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüz tutmalary hasaba alnan 315 adamyň, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlary we 23 milletiň wekilleri hasaba alyndy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna taýýarlanan Permanyň we Kararyň taslamasy hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalara gol çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy