JEMGYÝET

12000 manat bayrakly bäsleṣik 5-nji ýanwarda jemlener

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan “Arkadag şäheri- ylham gözbaşy”  ady bilen şygyr bäsleşigi  yglan edilipdi. Bäsleşik türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan “Arkadag” şäherine bagyşlanyp guraldy.  Bu şygyr bäsleşigine jemi 29 goşgy kabul edildi.
Bäsleşigimiziň hemaýatkärleri hökmünde “Makul Hyzmat” Terjime merkezi hem-de “Atavatan Danışmanlık Tercüme LTD” kompaniýasy çykyş edýär.
Şeýle hem bäsleşige hödürlenen şygyrlar wideoýazgy hökmünde okadylyp, “Atavatan Tv YouTube” kanalynda, “AtavatanTurkmen Instagram” hasabynda hem-de “atavatantv.com” saýtynda ýerleşdirildi.
Şoňa laýyklykda, bu bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň usuly şeýle görnüşde amala aşyrylýar:
Emin agzalarynyň baha bermegi : 20 göterim
“Atavatan Tv YouTube” kanalynda tomaşa edilen sany : 20 göterim
“AtavatanTurkmen Instagram” hasabynda tomaşa sany : 20 göterim
“atavatantv.com” saýtynda tomaşa sany: 20 göterim
“atavatan-turkmenistan.com” saýtynda okalan sany: 20 göterim
Baýraklar
1-nji orun: 5000 manat
2-nji orun :3000 manat
3-nji orun: 2000 manat
2 sany her biri 1000 manatlyk emin agza agzalarynyň ýörite baýragy hem göz öňünde tutulýar.
Bäsleşige hödürlenen goşgylaryň wideoýazgyly görnüşleri “atavatantv.com” saýtynda https://atavatantv.com/?page_id=8862 hem-de “Atavatan Tv YouTube” kanalynda https://www.youtube.com/playlist?list=PLazHzl6hh0KhN7Rj1kSESCV-ZNU4slcWr linkinde diňläp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy