DÜNÝÄ

1-nji oktýabr – bütindünýä kofe güni

Kofe güni dünýäniň dürli ýurtlarynda ýylyň dürli günlerinde bellenilýär. Şeýle-de bolsa, ilkinji gezek 1963-nji ýylda Londonda döredilen Halkara kofe guramasy 2014-nji ýylda 1-nji oktýabry – bütindünýä kofe güni hökmünde bellemek kararyna geldi. Kofe “coffea” görnüşinde bir agaç bolup, ol agajyň miwe tohumlaryny gowurmak we üwemek arkaly emele gelýär. Kofäniň nireden gelip çykandygy we nädip tapylandygy barada dürli hekaýalar we rowaýatlar hem bar. 1-nji oktýabr bütindünýä kofe güni, dürli kofe görnüşlerini wagyz etmek üçin gurnalan gündür. Adamlar dürli görnüşdäki kofeleri dadyp, olaryň lezzetlerine baha berýärler. Käbir ýurtlarda festiwal görnüşinde uly dabara bilen bellenilýär we birnäçe restoranlarda kofeler mugt paýlanylýar.

Türkmenistan Sankt-Peterburgda söwda öýüni açar

 

Related posts

Türkmenistan Migrasiýa meseleleri boýunça Global Foruma gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny yzygiderli geçirmek teklip edildi