Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän bimöçber aladalary netijesinde guwandyryjy işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ynha, 2023-nji ýyl hem «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Bu ajaýyp şygar ýüreklerimizi tolgundyrdy. Çünki, eziz ýaşlar Watanymyzyň geljegine deňelýär. Mukaddes Watany ösdürjek, özgertjek ýaşlara uly ynam bildirilýär.
Berkarar döwletimizde ýaşlaryň zehinine uly ähmiýet berilýär hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda olara aýratyn ynam bildirilýär. Garaşsyz Diýarymyzda ruhy-ahlak, medeni aň-bilim taýdan kämil, sanly ulgamdan mynasyp derejede baş çykaryp bilýän ýaşlaryň kemala getirilmegi üçin giň mümkinçilikler, döwrebap şertler döredilýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden Diýarymyzyň ähli ýerlerinde geçirilýän çärelerde, maslahatlardyr döredijilik duşuşyklarynda ýaşlaryň çykyşlaryna aýratyn orun berilmegi hem olara bildirilýän belent ynamyň güwäsidir.
hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ýaşlaryň röwşen geljegini, parahat, abadan durmuşyny nazarlaýar. Ýurdumyzda milli ýörelgelere we dünýä ülňülerine laýyklykda bilim ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi hem munuň anyk mysalydyr.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrdy hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri has-da giňeltdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden örän mazmunly çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär» diýip, belläp geçdi.
Üstümizdäki ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem, ýokarda aýdylanlaryň buýsançly delilidir.
Gahryman Arkadagymyzyň her bir işde ýaşlara giň orun bermegiň möhümdigi hakynda yzygiderli nygtap aýdýan nesihatlary Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde bolsa, iň ajaýyp işler dowamat-dowam bolýar.
Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlary hakyky hossarlyk aladasy bilen gurşap alýar. Şonuň netijesinde ýaşlaryň il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň her biri döwletimiz hem-de jemgyýetimiz tarapyndan giň goldawa eýe bolar. Ýaşlar özleri hakynda edýän ýadawsyz aladalara jogap edip, hormatly Prezidentimize wepaly, il-ýurdumyza gerekli ynsanlar bolup ýetişmek üçin arman-ýadaman zähmet çekmek ýaşlaryň üstüne düşýär.
Jumamyrat Aşyrow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň
Senagat gurluşygy we geodeziýa kafedrasynyň
Nebitgaz desgalarynyň senagat gurluşygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
