JEMGYÝET

Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi.

Asylly däbe görä, Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýylda geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde belent başly, ýaşyl öwüsýän arça oturdylyp, onuň töwereginde ertekilerdäki ýaly ajaýyp gurşaw döredildi.

Dürli yşyklar bilen bezelen arçanyň ýanynda şatlykly we täsin çykyşlara sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran köp sanly çagalar we ulular — paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary, folklor we tans toparlary, baýramçylyk lybasyndaky sirk we teatr artistleri, erteki gahrymanlary ýygnandylar.

Ýurduň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr. Şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär.

Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen owadan bezelen arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi.

Şol pursat ýurduň welaýatlaryndaky şäherleriň baş meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalarynyň ählisi hem jadyly yşyklarda ýalkym saçdy. Bu ýerlerde-de köpöwüşginli baýramçylyk çykyşlary ýerine ýetirilip, aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Çagalar öz şadyýan aýdymlary bilen Täze ýyl arçalarynyň daşyndan aýlandylar.

Ýene-de okaň

Türkmen alabaýynyň halkara ykrarnamasy

ABŞ Türkmenistan raýatlary üçin käbir wiza çäklendirmelerini aradan aýyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

2025-nji ýylyň iň girdejili konserti

2025-nji ýylda Bitaraplygyň dostlary toparyna 3 ýurt goşuldy: Azerbaýjan, Täjigistan we Eswatini

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylda üstünlik gazanan okuwçylary, talyplary, türgenleri we olaryň halypalaryny sylaglady