BILIM

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

2024-nji ýylda Türkmenistanyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi uniwersitetleriñ ekologiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmek islegini, şeýle hem olaryñ daşky gurşawy goramakda durnukly ösüşine ýardam edýän “UI GreenMetric” halkara sanawyna girdi. “UI GreenMetric” uniwersitetleriñ durnukly ösüşe goşýan goşandyna baha berýär.

Bu sanaw Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan 2010-njy ýylda döredildi.

Türkmenistanyñ ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda Türkmenistanyñ Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýokary orunlara mynasyp boldylar. Olar dünýä sanawyndaky ilkinji 500 ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda ýer eýeledi. Bu ýokary okuw mekdepler infrastruktura we bilim başlangyçlary ugurlary boýunça ýokary dereje görkezmegi başardylar.

Mundan başga-da, dunýäniñ ilkinji müñ ýokary okuw mekdepleriniñ sanawyna girenler:

– Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasy;

– Türkmen oba hojalyk instituty;

– Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti;

-Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we informatika instituty;

– Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýa instituty;

-Türkmen döwlet binagärçilik-gurluşyk instituty;

-Türkmenistanyñ döwlet energetika instituty;

-Türkmen döwlet maliýe instituty;

-Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk insituty

Ýene-de okaň

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Amerikada Stipendiýa bilen bilim alasyň gelýärmi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Tramp emeli aňy çaltlandyrmak üçin “Genesis” missiýasyny işe girizdi