Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Kararlaryň, şeýle hem “Welaýatlar hem-de etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda” Buýrugyň kabul edilendigini belledi.
Şoňa görä-de, welaýatlar boýunça oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerleri barada maglumatlar:
AHAL WELAÝATY
- Ahal welaýatynda şu ýyl oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 362,61 müň gektar, şol sanda gowaça ekmek üçin 135 müň gektar ýer bölünip berildi.
- Şonça ýerden 280 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. 195 müň gektar ýerde bugdaý ösdürilip ýetişdirilýär.
- Ýeralma ösdürip ýetişdirmäge 13,1 müň gektar, gök ekinler üçin 9,38 müň gektar, bakja ekinleri üçin 3,32 müň gektar, kösükli däneli ekinler we künji üçin 2,51 müň gektar hem-de mekgejöwen we bir ýyllyk otlar üçin 1,6 müň gektar ýer bölünip berildi.
BALKAN WELAÝATY
- Şu ýyl welaýatda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ekerançylyk ýerleriniň umumy meýdany 71,43 müň gektara deňdir.
- Şonuň 10 müň gektary gowaça ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. 50 müň gektarda güýzlük bugdaýa ideg edilýär.
- Şeýle hem şu ýyl 3 müň gektarda gant şugundyry, 2,9 müň gektarda ýeralma, 4 müň 60 gektarda gök ekinler, 2620 gektarda bakja ekinleri, 50 gektarda kösükli däneli ekinler hem-de künji, 200 gektarda bolsa mekgejöwen hem-de bir ýyllyk ekinler ekiler.
DAŞOGUZ WELAÝATY
- Geçen ýylyň güýzünde welaýatda 145 müň gektar ýere ekilen bugdaýdan bol hasyl almak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.
- Şu ýyl oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 324 müň 20 gektar ýer bölünip berildi. Şonça ýeriň 140 müň gektaryna gowaça ekiler.
- Şaly ösdürip ýetişdirmäge 8,1 müň gektar, ýeralma üçin 8,8 müň gektar, gök ekinleri ekmek üçin 7 müň 405 gektar, bakja ekinleri üçin 3 müň 745 gektar, kösükli däneli ekinler we künji üçin 8,27 müň gektar hem-de mekgejöwen we bir ýyllyk otlar üçin 1,7 müň gektar ýer bölünip berildi.
LEBAP WELAÝATY
- welaýat boýunça 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi göz öňünde tutulýar.
- Hususan-da, welaýat boýunça 130 müň gektar ýere gowaça ekiler.
- Şeýle hem 10,2 müň gektara şaly, 2,3 müň gektara ýeralma, 3 müň 950 gektara gök ekin, 2,1 müň gektara bakja ekinleri, 3 müň 320 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 2,3 müň gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler.
- Şu günler welaýatyň bugdaý ekilen 130 müň gektar meýdanynda ak ekinlere, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.
MARY WELAÝATY
- Şu ýyl welaýat boýunça 366 müň 670 gektar ýerde oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi meýilleşdirilýär.
- Şol sanda welaýat boýunça 165 müň gektar ýere gowaça ekiler.
- Mundan başga-da, 14,9 müň gektara gant şugundyry, 12,9 müň gektara ýeralma, 8605 gektara gök ekin, 4,315 müň gektara bakja ekinleri, 2350 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 1500 gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler.
- Welaýatyň zähmetsöýer daýhanlary şu günler bugdaý ekilen 170 müň gektar ýerde ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işlerini alyp barýarlar.
TUTUŞ ÝURDUMYZ BOÝUNÇA
- «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» kabul edilen Karara laýyklykda, sebitlerde oba hojalyk ekinlerini olary görnüşleri boýunça ýerleşdirmek hem-de ekmek üçin bölünip berlen umumy meýdany 1 million 403 müň 120 gektardan ybarat bolan meýdanda geçiriljek ekişe taýýarlyk görmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar.
- Mundan başga-da, bu resminama laýyklykda, 106 müň gektar ýere ýeralma we gök-bakja ekinlerini, şol sanda 65 müň gektara bu ekinleriň ýazlyk, 41 müň gektara güýzlük görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, şu ýyl bu maksatlar üçin bölünip berlen ýerleriň meýdany 50 müň 450 gektar köpelýär.
- «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» kabul edilen Karara laýyklykda, 580 müň gektarda bu gymmatly tehniki ekini ekmek hem-de “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar.
- Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň gallaçy daýhanlary howa şertlerini göz öňünde tutup, bugdaýa ösüş suwuny tutýarlar hem-de bugdaý ösdürilip ýetişdirilýän ýerleriň 690 müň gektaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini amala aşyrýarlar.