Önümçilik işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe oba hojalygynda ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek we ondan ýokary hilli önüm almak boýunça taýýarlyk görülýär.
Ýüpek gurçugy kadaly şertleriň döredilmegi bilen ýaşaýyşa ukyply bolup, ol uzak wagtyň dowamynda tebigy seçgiler esasynda emele gelendir. Şonuň üçin ýüpek gurçugynda daşky şertlere bolan kesgitli talap emele geldi.
Ýüpek gurçugynyň ýaşaýyşy üçin howanyň kadaly temperaturasy we çyglylygy, iýmit meýdany, iýmitiň hili we möçberi ýaly şertler zerurdyr. Ony ösdürip ýetişdirmek diňe daşky gurşaw bilen arabaglanyşykda amala aşyryp bolar.
Öň belläp geçişimiz ýaly, ýüpek gurçugynyň ýaşaýyşy üçin birnäçe zerur şertler gerek. Şolaryň üstünde aýratyn durup geçsek has-da netijeli bolar.
Temperatura. Ýüpek gurçugynyň bedenindäki madda çalşygy üçin kesgitli temperatura zerurdyr. Organiki maddalaryň, esasan hem bedeniň dokumalaryndaky süýjüniň okislenmegi ýylylygyň esasy çeşmesidir. Okislenme ýagdaýy näçe güýçli bolsa, şonça – da ýylylyk emele gelýär. Ýylylygyň daşky çeşmesi barada aýdylanda bolsa – ol Gün şöhlesidir, onuň ýetirýän täsiri bolsa ikinji derejededir.
Ýüpek gurçuklarynyň tohumyny tomus möwsüminde saklamagyň iň amatly ýagdaýy 24-25 gradus aralygydyr. Gurçuga öwrülme bolsa 10 gradusda bolup geçýär.
Çyglylyk. Ýüpek gurçugynyň kadaly ösüşi üçin çyglylyk hem zerurdyr. Temperatura näçe aşak düşse howanyň çyglylygy ýokarlanýar. Bedende bolup geçýän madda çalşygy howanyň çyglylyk derejesine baglydyr. Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan tut agajynyň ýapragynyň 75%-i suwdan ybaratdyr. Bu suwyň bir bölegi gurçugyň içegesi tarapyndan sorulyp alynýar, suwuň galan möçberi bolsa bedeniň daşyna nejasat bilen bile çykýar. Sorulyp alnan suwuň 40%-i buga öwrülýär, galan 60 %-i bolsa bedende galýar.
Ýüpek gurçugynyň iýmitlendirilişi. Ýüpek gurçugynyň iýmitlendirilişinde iýmit meýdanynyň ölçegi onuň ösüşine we kadaly iýmitlenişine uly täsir edýär. Ol meýdanyň kiçi bolmagy gurçuga az iým ýetmegine getirýär, berlen iým bolsa nejasatlar arkaly hapalanýar. Gurçuklaryň gür ýagdaýda ýerleşmegi bir-birine zeper ýetirip biler, olaryň aýaklaryndaky dyrnajyklar bilen biri-birini ýaralap bilerler. Bu bolsa olaryň ganynyň hapalanmagyna getirmegi mümkin.
Öňdebaryjy ýüpekçiler iým berilýän meýdany 70-80 inedördül meýdana çenli ulaltmak bilen, 80-90 kg. çenli hasyl alýarlar.
Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan tut agajynyň ýapraklarynyň düzüminde esasan uglerod, kislorod, wodorod we azot ýaly himiki elementler bar. Bu himiki elementler dürli birleşmeleri emele getirýär. Olar organiki we organiki däl topara bölünýärler.
Ýüpek gurçugy iýmitlenýän döwründe beloklar, ýaglar, uglewodlar, duz, suw ýaly dürli maddalary peýdalanýar. Bu maddalar onuň üçin energiýa çeşmesi bolup durýar. Şeýle hem olar ýüpek gurçugynyň dokumasynyň gurluşy üçin başlangyç material bolup hyzmat edýärler.
Iýmitlendirmegiň dowamlylygy 15 gradusda 60 günden gowrak, 17 gradusda – 52 gün, 20 gradusda – 37 gün, 22 gradusda – 27 gün, 25 gradusda – 23 günde, 27 gradusda – 20 gün, 30 gradusda – 19 gün 11 sagat, 32 gradusda – 19 gün 15 sagat dowam edýär.
Häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Tüürkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ýüpek gurçygyny ylmy taýdan öwrenmekde we kämilleşdirmekde dürli görüşli ylmy işler alnyp barylýar.
MELÄÝEW KERIMBERDI,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy
Biržanyň nyrhlar boýunça elektron maglumatlar binýady dörediler