DÜNÝÄ

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Asly gruzin bolan ispaniýaly çempion Iliýa Topuriýa bilen amerikaly Jastin Geýjiniň arasyndaky tutluşyk, 14-nji iýunda ABŞ-nyň Ak Tamynda geçiriljek UFC ýaryşynyň esasy tutluşygy bolar. Bu barada UFC-niň metbugat gullugy habar berýär. Şeýlelikde, taryhda ilkinji gezek UFC ýaryşy Ak tamyň çäginde geçiriler.

Tutluşykda Topuriýa degişli bolan ýeňil agramdaky UFC çempionlyk guşagy ugrunda göreşiler.

Bu tutluşyklar ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy hem-de Prezident Donald Trampyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.

Agşamyň ikinji esasy duşuşygynda agyr agram derejesinde wagtlaýyn guşak ugrunda braziliýaly Aleks Pereýra bilen fransiýaly Siril Gan duşuşarlar.

Şeýle hem esasy ýaryşyň çäklerinde şu türgenler güýç synanyşarlar:

  • Şon O’Melli (ABŞ) — Aýmann Zahabi (Kanada)

  • Maurisio Ruffi (Braziliýa) — Maýkl Çendler (ABŞ)

  • Bo Nikal (ABŞ) — Kaýl Dokas (ABŞ)

  • Diego Lopes (Braziliýa) — Stiw Garsiýa (ABŞ)

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar