BIZNES

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Tejen şäherinde ýolagçy gatnatmak hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, şäheriň awtomenzili düýpli döwrebaplaşdyryldy. Binanyň durky bütinleý täzelenip, onda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur bolan ähli oňaýly şertler döredildi. Bu desganyň täzeden gurlup ulanylmaga berilmegi şäheriň ulag düzüminiň ösmegine uly goşant goşdy.

Häzirki wagtda täze awtomenzilden jemi 17 sany ugur boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary amala aşyrylýar. Gatnawlaryň gerimi diňe bir Tejen şäheriniň içini däl, eýsem golaýdaky geňeşlikleri we beýleki etraplary hem öz içine alýar. Hususan-da, Garaşsyzlyk, Täze oba, Birleşik, Agalaň, Ak-Altyn, B.Kerbabaýew, Garrygala, Göni Amaşa, Döwletli we Gurbandurdy geňeşliklerine, şeýle hem Bagtyýarlyk, Bitaraplyk we Gaňňaly şäherçelerine awtobuslar gatnap başlady.

Mundan başga-da, awtomenzilden Babadaýhan etrabyna, Altyn-Asyr we Sarahs şäherlerine çenli uzak aralyklara hem gatnawlar ýola goýuldy. Bu bolsa sebitiň ulag-logistika mümkinçiliklerini ep-esli artdyrýar.

Amala aşyrylýan bu özgertmeler ilat üçin döwrebap we ýokary hilli ulag hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün edýär. Döredilen täze şertler ýaşaýjylaryň wagtyny tygşytlamaga we gatnawlaryň medeniýetli derejede guralmagyna giň mümkinçilikler döredýär.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler