BIZNES

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna täze direktor bellendi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Azat Ýazmyradowiç Hydyrow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory wezipesine bellenildi.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody – 2005-nji ýylyň 15-nji dekabrynda “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody” diýlip atlandyryldy.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde ýerleşip, ol esasy üç sany tehnologiki desgadan we şol desgalar üçin kömekçi ýerlerden ybarat bolup  durýar.

Öndürüjiligi ýylda 6 million tonna  bolan nebiti ilkinji gaýtadan  işleýän we elektroduzaýryjy desgasy ELOU-AWT-6,  öndürijiligi  bir ýylda 500 müň tonna göni kowlan benzini gaýtadan işleýän we goşmaça gidroarassalaýjy blokly  LÇ 35-11/500 desgasy we ýylda 37200 tonna ýol bitumyny öndürýän desga hereket edýär.

Bu senagat düzümde öndürilýän önümler: mazut M-100, dizel ýangyjy L-05-62, göni kowlan benzin, benziniň A-80, A-92 we A-95 görnüşleri, ekstraktlaýjy benzin, suwuklandyrylan gaz, nebit ýol bitumy, agyr wakum gazoýly we ýeňil wakum gazoýly.

 

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito 62 ýaşyny belleýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň duşuşygy

“Petronas” dekabr aýynda Türkmenistanda geologiýa-gözleg işlerine başlar

Türkmen telekeçileriniň Azerbaýjana işewürlik saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 6 aýynda 4.1 million tonna nebit çykaryldy

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy