SIZDEN GELENLER

Ýunus Emre

Diwanlaryň ulusyny ýazan, älemleriň syryny açmaga çalyşan, dünýäniň , hat-da iki älemiň bir köprüsine göz ýetiren, halys inçe lirizmi bilen günümizi iň ajaýyp filosofy Ýunus Emre bu gün edebiýatyň iň kämil, iň ýokary baýlygydyr. Şol husuda ony öwrenmek we oňa sarpa goýmak biziň paýymyza düşýär. Ýunus Emräniň döredijiligini öwrenmek üçin müňýyllyklaryň diwan edebiýatynyň sahypalarynyň döremelidigi düşnüklidir. Şol sebäpli- de häzirki döwürde ýurdumyzda beýik şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmekde edebiýatçylarymyz hem uly işler edýärler. Ýunsu Emräniň döredijiligi hakda ylmy işler taýýarlap, ony nesillerimize sarpa bilen öwredýärler we şol çuňňur diwan edebiýatynyň wekili hakda birnäçe filmler, dokumental maglumatlar bilen gyzyklanyp, ylmy işler taýýarlaýarlar. Ýunus Emre Diwan edebiýatyň ýokary hilli gurujylarynyň biri bolup, beýik Jelaletdin Rumynyň ýokary bahasyna mynasyp bolandyr.

    1241-1321-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen beýik filosof, Tapdyk emräniň şägirdi, Diwan edebiýatynda iň uly eserleriniň belli bolmagy bilen aslynda Seljuk Anadoly döwründe ýaşandy bilinse- de nirede doganlygy belli däldir. “Risalutun- Noşiýe”ýaly kitaplarynda belli bolşy ýaly,ol barada iň köp işlän türk alymy Fuat Köprüli bolup, onuň beýik şahsyýet barada ýazan kitaby belli eserdir. “Heje” we “aruz” ölçeglerinde ýazan, gazal we mesnewi görnüşinde ýazan şahyr, filosofdyr. Beýik Ýunus Emräniň hak haky gözläp, çuňňur älemlere baş goýmasy, edebiýatda galdyran yzlarynyň soňra nijeme asyrlap, ýadygärlik bolmasy bu günki gün dünýä edebiýatynda onuň ornunyň başgadygyny subut edýär. Çünki Ýunus Emräniň döredijiligi barada aýdylanda, Möwlana Jelaletdin Rumynyň oňa beren bahasy ilkinji nobatda göz öňüňde janlanýar. “Nirä aýak bassam, bir aýak yzyny gördüm, ol aýak yzy sorasam, “Türkmen derwüşi- Ýunus Emräniňki” – diýdiler”

    Ýunus Emre beýik klassyk, Gündogaryň parlak ýyldyzy. Onuň döredijiliginiň şu güne çenli syrly bolup galmagy hem täsin dünýägaraýyşlarynyň netijesindendir.Ýunus Emre- Türkmen dünýäsiniň kämilligini özünde jemleýän we ol kämilligiň asyrlar boýy dowam etmegini öz geredeninde çeken, derwüş şahyr, sufizmiň iň süýji makamlaryna dalaş eden beýik bir şahsyýetdir. Seýit onuň hakyky ady bolup, içki ahlagyna, ruhy basgançaklaryna syýahata çagyrýan şahsyýetdir.

 

Zübeýda Berdiýewa

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby

 

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika