BIZNES

ÝTÖB-iň esasy ugry ýyladyşhana toplumlaryna maýa goýmak

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Türkmenistanda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösdürilmegine maýa goýmagy bankyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitleýär. Bu barada “orient.tm” neşirindäki habarda bellenilip geçilipdir.

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda ýyladyşhana tehnologiýasynyň ilerledilmegine bagyşlanan onlaýn seminar gurnady. Onlaýn tertibinde geçirilen seminara gatnaşan ÝTÖB-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenogly ýyladyşhana hojalyklaryna maýa goýumlaryň Türkmenistanda ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, importy azaltmaga we goşmaça iş ýerleri döretmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Seminara gatnaşan ÝB-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Alnso Ruiz oba hojalygynyň oba ýerlerinde uly iş mümkinçiligini hödürleýän esasy pudaklaryň biridigini belledi. Şeýle hem ol oba hojalygynyň durmuş-ykdysady ösüş üçin örän möhümdigini, ýyladyşhanalaryň telekeçiler üçin agrosenagat toplumynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Onlaýn okuwyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýewropaly bilermenleriň ýyladyşhana ulgamyndaky tejribeleri bilen tanyşdylar, öz telekeçilik işini ilerletmek üçin ýörite maslahatlar almaga mümkinçilik aldylar.

 

Ýyladyşhana ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi