MEDENIÝET

Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçihanasy tagam taýýarlamak bäsleşigini yglan edýär

Ysraýylyň Türkmenistanyň ilçihanasy “Ysraýyl bilen nahar bişir” bäsleşigini yglan etdi. Bu barada ilçihananyň “Instagram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär. 

Bu bäsleşik jmegyýetçilik tory arkaly amala aşyrylýar. Ilçihananyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky sahypasyny yzarlap, bu ýurt boýunça halaýan tagamyňyzy taýýarlap, onuň wideoýazgylaryny şol hasaba ibermek zerur bolup durýar. Wideoýazgylary iň köp laýk alan gatnaşyjylaryň 25-sine baýraklar gowşurylar.

Bu bäsleşik 2022-nji ýylyň 26-njy awgustyndan – 8-nji sentýabry aralygynda geçiriler.

Bu bäsleşigiň talaplary şeýle:

1. Biziň “Instagram” sahypamyzy yzarlaň @israelinturkmenistan.

2. Bu ýazgydaky teswirlerde dostlaryňyzyň 3-sini belläň.

3. Halaýan Ysraýyl tagamyňyzy ädimme-ädim taýýarlaň we göni bize iberiň. (Wideo reseptleri hasabymyzda ýa-da internetde bar).

4. Wideoňyzy sahypamyza goýarys we siziň sahypaňyzy belläris.

5. “Instagram” ulanyjylary, dostlaryňyz wideoňyza laýk goýar we iň köp laýk alan ilkinji 3 wideo “baş baýragyň” ýeňijileri bolar.

6. Gatnaşanlaryň hemmesi Ysraýyldan sowgat alarlar (iň köp laýk alanlaryň jemi 25-si ýeňiji saýlanar).

7. Bäsleşik 2022-nji ýylyň 26-njy awgustyndan 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabryna çenli dowam edýär.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi