PEÝDALY MASLAHAT

Ynanç hatyny tassyklatmak barada maglumat

Ynanç hatyny tassyklatmak üçin haýsy resminamalar talap edilýär?

Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenilşine görä,“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň şahsyýetini anyklamak onuň şahsyýetine degişli islendik şübhelenmeleri aradan aýyrýan pasportynyň ýa-da beýleki resminamalarynyň esasynda geçirilýär.

Ynanç hatyny bermek üçin ynanç hatyny berýäniň öz ýanynda pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň) we ynanylýanyň (wekiliň) pasport maglumatlary bolmalydyr.

Ynanç haty tassyklanylanda diňe ynanç haty berýäniň döwlet notarial edarasyna gelmegi zerurdyr.

 

Kazyýet jogapkӓrçiligine çekilip-çekilmӓndigi barada kepilnama almak

 

 

Related posts

Saç kepeginden mümkin boldugyça nähili çalt dynmaly?

Ata Watan Eserleri

Maşgala kadalary boýunça kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler

Almaly tort

Ata Watan Eserleri