Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär.
Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de çagalar sagaldyş merkezleriniň döwrebap desgalary guruldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hem ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmekde guwandyryjy netijeler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär» diýip belleýşi ýaly, bu günki gün türkmen ýaşlary hem ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşyp, ata Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrmakda öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Okap, öwrenip, döredip, ertiriň kämil şahsyýetleri bolmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Eziz Diýarymyzda durmuş-ykdysady we medeni ösüşi kesgitleýän esasy şertleriň biri bolan bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, ajaýyp üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy we parasatly başlangyçlary netijesinde gazanylýar. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde umumybilim edaralarynda okadylýan dersler boýunça guralýan sapaklaryň her biriniň ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda umumybilim edaralarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladasy, taýsyz tagallalary bilen öwrenmäge, bilim almaga ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler ýaşlaryň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleriň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Häzirki döwürde belent maksatlara ýaşlary ugrukdyrmak, olaryň Watan berkararlygynyň, il-günüň abadançylygynyň, durnukly ösüşiň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen täze başlangyçlary amala aşyrmaga gatnaşmaklaryny gazanmak ilkinji wezipedir. Çünki umumadamzat we milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna sarpa goýýan, täze bilimlere ymtylýan, döredijilikli işlemäge ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi başarýan jemgyýet öz geljegini ynamly gurýan döwletdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ösüşine we kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. 17-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” tassyklanylmagy bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy. Bu Strategiýada, aýratyn-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalaryna we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografiki görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine hem-de ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar we emeli aň arkaly bäsleşige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim edaralarynyň abraýyny has-da ýokarlandyrmakda, ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara derejesinde bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmekde, ýokary okuw mekdepleriniň ulgamlaýyn ösüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde munuň uly ähmiýeti bar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üstünliklere beslenip, täze, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gazanylýan belent üstünlikler eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşini dünýä ýaýýar.
Häzirki ajaýyp döwürde ähli ulgamlarda üstünlikler gazanylýar, täze sepgitlere ýetilýär. Şeýle belent üstünlikleri bilim özgertmelerinde hem görmek bolýar. Bilim ulgamynda ýaşlarymyza ene dilimiz bilen birlikde daşary ýurt dillerini öwretmek esasy öňe sürülýän wezipeleriň biridir. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli berjaý edilýär. Çagalar baglarymyzda, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerimizde dünýä dilleriniň onlarçasy öwredilýär. Häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna berilýän bilimiň halkara derejede bolmagy üçin daşary ýurt dillerini bilmekleri hem-de öz pikirini erkin beýan edip bilmek ukybynyň bolmagy zerur. Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz hem bar. Ýaşlaryň kämil bilimli, ylmyň soňky gazananlaryndan doly baş çykaryp, öz saýlan ugrundan gory ýetik hünärmen bolmagy üçin dünýä dillerinden baş çykaryp bilmegi ilkinji nobatdaky zerurlykdyr.
Ylym-bilim her bir jemgyýet üçin gymmatly hazynalaryň biridir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, innowasiýalaryň ösen döwründe giň dünýägaraýyşly, özbaşdak pikirlenip bilýän, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmek baş maksatdyr.
Jemile Kulyýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika we psihologiýa mugallymy.
