BILIM

Ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri jemlendi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Her ýylda geçirilýän däp bolan bäsleşik ýurdumyzda 12-nji iýunda dabaraly ýagdaýda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ylmy bäsleşik ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iler tutulýan 6 ugry boýunça geçirildi. Şolaryň hatarynda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdeleri öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary ugurlary bar.

Yglan edilen bäsleşige ýaşlaryň jemi 1053-si gatnaşyp, baýrakly orunlara hödürlenen ýaşlaryň 57-si — 32 talyp hem-de 25 ýaş alym bäsleşigiň ýeňijiligine mynasyp görüldi.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlaryň sanawy “Türkmenstan” gazetinde dolulygyna çap edildi.

 

Halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi kämilleşdiriler

 

Ýene-de okaň

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi