«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» örän möhüm ähmiýete eýedir.
Bu maksatnamada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasynyň döwletimiziň doly syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny üpjün edýändigi nygtalýar.
Şunda durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň ýurdumyzda kemala gelen we özgerýän milli nusgasynyň baş maksadynyň hojalyk gatnaşyklarynyň erkinligine, peýdaly bäsdeşlige şert döretmekden, innowasion esasda we tebigy serişdeleri aýamak bilen, jemgyýetiň ösýän maddy, ruhy isleglerini kanagatlandyrmakdan, senagat önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny pudaklaýyn, sebitleýin we üznüksiz hem-de deň ölçegli ösdürmekden ybarat bolup durýandygy bellenilýär.
Eziz Diýarymyzyň saýlap alan ýolundan bedew bady bilen öňe gitmegi ynsan mertebesini belende göterip, ajaýyp wakalar taryhyň altyn gatlaryna ýazylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni taýdan ösdürmekde alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanda geçen 30 ýylyň içinde ähli ugurlar boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirildi. Bu döwürde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny depginli ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ähmiýet berildi. Milli Liderimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hem maýa goýum syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bolup durýar.
Türkmenistan durnukly ösüş maksatlaryny işjeň amala aşyrýan döwlet hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Şunda raýatlarymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalarda kesgitlenilen möhüm wezipeler gyşarnyksyz berjaý edilýär.
Häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýalaryň örän çalt depginler bilen ösýän döwründe ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge niýetlenilen özgertmeler dowam edýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmäge aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ykdysady strategiýany durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak ýoly bilen möhüm ädimler ädilýär. Türkmenistany dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek üçin netijeli işler amal edilýär. Ýurdumyzda iri senagat düzümli kärhanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegine, gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegine, sanly tehnologiýaly ykdysadyýeti döretmäge, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýakyndan ýardam berilýär.
Bu ugurdan dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman döwrebap tehnologiýalaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa sanly ykdysadyýeti emele getirmegiň barşynda senagat pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de netijeli eksport mümkinçiligini artdyrmaga, girdejileriň artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistan senagat taýdan sazlaşykly ösýän ýurda öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bäsdeşlige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini artdyrmagy, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmäge, ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagaty, hyzmatlar, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn üns bermelidigini nygtaýar, çünki bu ýagdaý ýurdumyzda ykdysady ösüşiň çig mala garaşlylygyny azaldýar. Şonuň üçin-de, özümizde öndürilen önümleriň hasabyna bazar bolçulygyny berkitmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şolaryň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän ýerli kärhanalaryň sany yzygiderli artýar.
Begdurdy Hudaýberdiýew, TOHU-nyñ mugallymy.