JEMGYÝET

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede alnyp barylýandygy bellenip geçildi we iki ýurduň arasyndaky köpmaksatlaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Toparyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew we toparyň gruzin bölegine başlyklyk edýän Gruziýanyň wise-premýeri, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili söwda-ykdysady gatnaşyklary, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ulag-logistika we energetika infrastrukturasyny ösdürmek üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda mundan beýläkki amaly hyzmatdaşlygyň zerurlygyna üns berildi.

2023-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda Tbilisi şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisi geçirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar