SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýiti respirator kesellerden goranmak üçin…

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Ýokanç keseller, esasan, hapa ellerden, bişirilmedik iýmitlerden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökman arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir.

Dürli ýokanç kesellerden goranmak hem-de sagdyn, berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklar bilen meşgullanmaly.

Ýiti respirator kesellere ýolukdyrýan wiruslar arassa howada uzak ýaşap bilmeýär. Şonuň üçin hem öý-içeriňizi arassa saklaň, çygly arassaçylyk işlerini ýygy-ýygydan geçiriň! Şahsy arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi keselden goranmaga ýardam berýär. Iş ýeriňizi arassa saklaň, peýdalanýan enjamlaryňyzy, el telefonlaryňyzy we beýleki şahsy zatlaryňyzy zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen yzygiderli süpüriň!

Eli ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar elde toplanyp, ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem naharlanmazdan öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň eliňizi gowy edip sabyn bilen ýuwmaly.

Elimiziň aýasydyr arkasyny hem-de barmak aralaryny sabynlap, akar suwuň aşagynda 20 sekuntlap ýuwmaly. Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly. Sabynyň antiseptik görnüşlerini peýdalanmak has netijelidir.

Aşhana hemişe arassa bolmalydyr. Aşhana enjamlary, gazanlar, okaralar arassa ýerde, tämiz tekjelerde saklanmalydyr. Gap-gaç süpürgiçleri her gün ýuwlup, Güne serlip guradylmalydyr. Diňe arassalanan ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy ulanmaly. Mundan başga-da, jaýyň içi we daş-töweregi elmydama tämiz saklanmalydyr. Mahlasy, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek kesellerden goranmagyň iň esasy şertleriniň biridir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty

ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

 

Koronawirus sebäpli çäklendirmeleri gowşadýar

Ýene-de okaň

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy