JEMGYÝET

YHG-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gepleşigiň dowamynda ministrler şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde özara hereketleriň pugtalandyrylmagy babatynda bu forumyň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň käbir meselelerine hem seredilip geçildi. Ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň, ilkinji nobatda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa ornaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan iş ýüzündäki meselelere aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy.

“Merkezi Aziýa-Hindistan” sammitine taýýarlyk görülýär

Ýene-de okaň

Klimow: Waşingtondaky sammit Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze eýýamyny görkezýär

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar

Milli Liderimiz: çagalaryň hiç biri hossarsyz däl, olaryň arkasynda dag ýaly döwleti durandyr

Ata Watan Eserleri

O.Atabaýewa: gaznanyň hasabyna 700-den gowrak çaga operasiýalar geçiriler

Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasy Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberer

«Arkadag» – «Al-Ahli»: 1-1 deňme-deň tamamlandy