JEMGYÝET

Ygtybarly oruntutar

Mundan ozal lukmanlar köwlen dişiň ornuny ylmy dilde «Plomba» diýlip atlandyrylýan ergin bilen doldurýardylar. Hytaýyň ÇŽeszýan uniwersitetiniň alymlary ýakynda munuň has ygtybarly başga bir ýoluny tapdylar. Olaryň pikirine görä, mundan beýläk dişdäki köwegi ýörite gel bilen doldurmak, şeýdip hem dişiň sagdynlygyny has berkitmek üçin mümkinçilik bar.

Hünärmenelriniň pikirine görä, täze innowasion gel protezleriň hem ornuny tutup biler. Özi hem bu geliň kömegi bilen tebigy dişe juda meňzeş görnüşi we berkligi alyp bolýar. Geçirilen synaglar köwege sürtülen geliň 48 sagadyň dowamynda dişde kemsiz jaýlaşýandygyny görkezdi. Eger geçen wagtyň içinde köwegiň ýeri doly doldurylmadyk bolsa, geli gaýtadan hem sürtüp bolýar, ol ynsan saglygy üçin zyýansyzdyr. Ýöne alymlar häzir bir gezek sürtmek arkaly ýeterlik galyňlygy almagyň üstünde hem işleýärler. Bu olara başartsa, geli satyn almak bilen köwlen dişlerimize öý şertlerinde hem ideg etmek, belki-de bejermek mümkin bolup biler.

Häzir synaglar syçanlarda geçirilýär, ýöne aňrysy birki ýyldan nobat adamlara hem ýeter.

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar