Ýewropanyň iň owadan şäherleriniň syýahat sanawyňyzdadygyna ynanýarys. Şeýle-de bolsa, Ýewropanyň ajaýyp şäherleri ýaly kiçi şäherçeleri hem binagärçiligi, taryhy we medeniýeti bilen görmäge mynasypdyr.
Ine aşakdakylar Ýewropanyň iň owadan şäherçeleri:
Gietorn – Niderlandiýa
Gietorn, Italiýadaky Wenesiýany ýada salýan kanallary, yzygiderli ýerleşişi, kiçijik köprüleri we ferma jaýlary bilen ajaýyp erteki obasydyr. Amsterdamdan iki ýa-da üç otly bilen gidip bilinjek Gietorn, syýahat ugruňyzda görmeli ýerleriň biridir. Şäherçäniň asuda kanallarynda gaýyga münüp, derýa boýunda gezelenç edip bilersiňiz.
Guimaraes -Portugaliýa
Guimaraes, XII asyrda Portugaliýanyň ilkinji paýtagty bolup, iň gowy goralýan taryhy ýadygärligidir. UNESKO tarapyndan Bütindünýä mirasy diýlip yglan edilen parahat we asuda köçeler, monastyrlar, beýik gadymy köşkler we taryhy ýerler bilen bu şäherçe syýahat etmeli ýerleriň biridir.
Roskoff – Fransiýa
Roskoff Fransiýanyň iň gözel şäherçelerinden biridir. Manş kanaly bilen gurşalan ýarym adada gurlan Roskoff ajaýyp bezelen jaýlardan doly kiçijik şäherçedir. Port we deňiz kenarynda şypahanalary bolan bu şäher ony görýänleri özüne çekýär.
Angari- Italiýa
Italiýanyň Toskana sebitiniň Angari orta asyr obasy, taryhy, dar we asuda köçeleri bilen görýänleri özüne çekýär. Angari söweşi bilen tanalýan sebit bolup, Italiýanyň iň owadan obalarynyň biridir. Köçelere seredýän daşdan jaýlaryň kiçijik penjireleri, agaç gapylary şäherçä taryhyň duýgusyny berýär. Güller bilen bezelen jaýlaryň girelgeleri we eýwanlary bu sebite başgaça ýakynlyk goşýar.
Nafpilion- Gresiýa
Afinynyň günortasynda ýerleşýän Nafplion, Gresiýanyň ilkinji paýtagty bolup, aşyklaryň şäherleriniň biri hasaplanýar. Şäherçe daşdan köçeleri, kafel üçekleri we hemme ýerden sallanyp durýan reňkli gülleri bilen sizi özüne çekýän ýer. Nafplion ajaýyp kenar ýakasy, kafeleri we restoranlary bilen tomus üçin ajaýyp mekandyr. Dar köçelerinden geçip barýarkaňyz, bu ýerde taryhyň diridigini duýup bilersiňiz.
Mostar- Bosniýa- Gersegowina
Neretwa derýasynyň kenarynda ýerleşýän Mostar Gersegowinanyň iň uly şäheri we paýtagtydyr. Şähere adyny beren meşhur Mostar köprüsi, özüne çekiji binagärligi we taryhy bilen iň köp özüne çekýän ýerlerden biridir. Mostary göni ortada bölýän köpri Neretwa derýasynyň gadymy desgalarynyň biridir.
Klowelli- Angliýa
Klowelli, Angliýanyň Dewon şäheriniň Torrij sebitindäki bir duralga obasydyr. Şeýle hem bu oba dik, pyýada ýörelgesiniň esasy köçesi we kanal görnüşleri bilen köp syýahatçyny özüne çekýär.
6-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama