DÜNÝÄ

Ýewropanyň iň beýik depesi “Mont Blank”  peselýär

Fransiýa bilen Italiýanyň serhedinde ýerleşýän Ýewropa yklymynyň iň beýik dagy Mont Blankyň depesiniň beýikligi ýene aşak inendigi habar berildi. UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän dagyň soňky ölçeginde onuň beýikliginiň deňiz derejesinden 4807 metr beýikdigi mälim edildi.

Dagyň ölçeglerini 27 hünärmenden we birnäçe dag ýolbeletlerinden ybarat bolan topar bilen ölçendi we bu üç gün dowam etdi. Dagyň depesiniň aşak düşmegi soňky 20 ýylda 2 metre ýetendigi mälim edildi.

Geograflar Mont Blankyň eteginde ýerleşýän Sankt-Gerwais-les-Baýns şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda “Indi ýygnan maglumatlaryň hemmesine seredip, ähli teoriýalary öňe sürmek alymlaryň özüne bagly” -diýdi.

2001-nji ýyldan başlap, Ýewropanyň üçegi her iki ýylda bir gezek ölçelýär, yzygiderli ölçemegiň maksady bolsa, ähli hünärmenler üçin elýeterli boljak takyk maglumat bazasyny üpjün etmekdir.

Ilkinji äýnegiň döreýiş taryhy

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy