Strasburgda geçirilen Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynyň mejlisinde “USB-C”, “Micro USB” we “Lightning” ýaly dürli elektron enjamlarynyň zarýad beriş portlaryny standartlaşdyrmak we elektroniki galyndylary azaltmak maksady bilen kanun taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Parlamentiň deputatlary 602 “hawa” we 13 “ýok” ses bilen smartfonlara birmeňzeş zarýad berjek kanun taslamasyny tassykladylar.
Indi Ýewropada kanun boýunça “USB-C” göçme elektronika üçin täze zarýad beriş porty bolar.
2024-nji ýylyň ahyryna çenli ähli täze smartfonlar, planşetler, sanly kameralar, nauşnikler, göçme wideo oýun konsollary, gürleýjiler we klawiaturalarda USB-C zarýad portlary bolar.
Şeýlelikde, dürli elektron enjamlarynda ýekeje zarýad beriji ulanylyp bilner.
Sarp edijiler her täze enjam üçin kabel we zarýad beriji enjam satyn almaly bolmazlar. Bar bolan kabeller we zarýad berijiler dürli enjamlarda ulanylyp bilner. Çalt zarýad beriş ulgamlary hem şoňa laýyk bolar. Enjamlaryň çalt zarýad beriş ulgamlary hem sazlaşdyrylar. Düzgünnama 2026-njy ýylyň ýazynda noutbuklarda ýaýbaňlanar.
Bu programma elektron galyndylaryny azaltmaga gönükdirilendir.
Kanun Ýewropa Geňeşi tarapyndan resmi taýdan tassyklanandan soň, “theB” žurnalynda çap edilip, resmi ýagdaýda güýje girer.