JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Related posts

Türkmenistan TDG-niň demirýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýygnagyna gatnaşdy

Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” ulag ulgamyny ösdürmegiň ýol kartasyna gol çekdi

Ýewro-2020: Ronaldo rekordlar bilen başlady