DÜNÝÄ

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co. LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy M.Aoe hem-de Täze Zelandiýanyň «Krukziener Properties» kompaniýasynyň esaslandyryjysy A.Krukziener bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerini hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşykda «Krukziener Properties» täze zeland kompaniýasynyň atçylyk pudagynda, hususan-da arassa ganly ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, geljekde türkmen wekiliýetleriniň mümkin bolan saparlaryň çäklerinde kompaniýanyň atçylyk toplumyna saparlary guramagyň mümkinçiligi öwrenildi.

Duşuşygyň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda atçylyk pudagyna degişli çäreleri, duşuşyklary we tegelek stollary guramak barada pikir alyşyldy.

Ýapon we täze zeland taraplarynyň wekilleri aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy