SPORT

Ýewropada transfer döwri tamamlandy: iňlis toparlary 2,2 milliard ýewro sarp etdi

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda tomusky transfer döwri tamamlandy. Angliýa, Ispaniýa, Fransiýa, Italiýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň çempionatlarynyň düzümindäki toparlaryň futbol satyn almak, kärendesine bermek döwri 1-nji sentýabrda tamamlandy.

Tomus döwründe Angliýanyň çempionatynyň düzümindäki toparlar düzümini güýçlendirmek üçin 2,2 milliard ýewro sarp etdiler. Bu görkeziji 2017-nji ýyldan soňra täze rekord boldy. 2017-nji ýylda, 1.6 milliard ýewro sarp edilipdi. Angliýanyň çempionatyndaky 20 öňdebaryjy topar 100 million ýewrodan köp möçberde pul serişdelerini futbolçylaryň transferlerine sarp etdi.

Transfer döwrüniň soňky günlerinde hem futbolçylaryň toparlaryny çalşandyklaryny görmek bolýar.

Soňky günde ýa-da sagatlarda amala aşyrylan transferler:

  • Pýer-Emerik Obameýang “Çelsi” toparyna geldi.
  • “Mançester Siti” topary “Borussiýa” toparyndan Manuel Akanjini aldy.
  • “Barselona” Serjinýo Desti “Milan” toparyna kärendesine berdi.
  • Karlos Soler “Walensiýa” toparyndan “PSŽ” toparyna geçdi.
  • “Inter” topary “Lasio” toparyndan Françesko Açerbini kärendesine aldy.
  • “Mançester Ýunaýted” topary “Nýukasldan” Martin Dubrawkuny satyn almak şerti bilen kärendesine aldy.
  • “Fulhem” topary Williany täzeden Angliýanyň çempionatyna gaýtaryp getirdi.
  • “Liwerpul” topary “Ýuwentus” toparyndan Artury kärendesine aldy.
  • “Barselona” topary 11 ýyldan sonra ozalky futbolçysy Belerini gaýtaryp getirdi.

Ýene-de okaň

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary