JEMGYÝET

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Türkmenistana gelýär

2024-nji ýylyň 15-17-nji ýanwary aralygynda Ýewropa Komissiýaysnyň wise-prezidenti Margaritis Shinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa döwletlerine resmi saparyny amala aşyrýar. Bu wekiliýetiň Türkmenistana sapary 17-nji ýanwarda göz öňünde tutulandyr. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky wekilihanasy habar berýär.

Bu sapar “Ýewropa-Merkezi Aziýa” maýadalaryň forumynyň öňüsyrasynda amala aşyrylýar we Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa sebitiniň hyzmatdaşlygynyň ösýändiginiň alamaty bolup durýar.

Ýewropa Komissiýaysnyň wise-prezidenti Margaritis Shinasyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

Şeýle hem Margaritis Shinas Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşar.

– Men Merkezi Aziýanyň 5 ýurduna saparyma başlaýaryn. Bu sapar şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Brýusselde geçiriljek “Ýewropa-Merkezi Aziýa” maýadarlar forumynyň öňüsyrasynda geçirilýär we ÝB bilen sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösýändigini görkezýär – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti özüniň jemgyýetçilik torunda habar berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady