JEMGYÝET

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa 12 milliard ýewro gönükdirer

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Özbegistanda  “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi” gör­nü­şin­dä­ki bi­rin­ji sam­mi­t geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy An­to­nio Koş­ta, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy ha­nym Ur­su­la fon der Lýa­ýen, Ýew­ro­pa­nyň ma­ýa go­ýum ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy ha­nym Nad­ýa Kal­win­ýo, Ýew­ro­pa­nyň tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy ha­nym Odil Re­no-Bas­so gatnaşdy.

Şol sammitede çykyş eden Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy ha­nym Ur­su­la fon der Lýa­ýen Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin 12 milliard ýewro möçberinde serişdeleriň gönükdiriljekdigini belledi.

Onuň bellemegine görä, bu serişdeler “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerinde infrastruktura, ulag geçelgeleri, “ýaşyl” enegetika ýaly taslamalara gönükdiriler. Bu taslamalar sebitde ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşant goşar.

Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy maliýe serişdeleriň ulag, logistika, sanlylaşdyrmak we energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak ugurlaryny gurşap aljakdygyny belledi.

Sammitiň jemleri boýunça bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri