Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda “B” toparçasyndaky ilkinji duşuşyklar geçirildi.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy Horwatiýany, Italiýanyň ýygyndysy bolsa, Albaniýany kabul etdi. Ispaniýa bilen Horwatiýanyň duşuşygynyň gyzykly bolmagyna garaşyldy. Şeýle-de boldy. Ispanlar horwatlaryň derwezesine jogapsyz 3 pökgi geçirdi.
Ispan ýygyndysyndan Alwaro Morato, Fabian Ruiz hem-de Dani Karwahalyň birinji ýarymynda geçiren gollary ispanlara ýeňiş getirdi. Horwatlaryň ýeňilmegi garaşylmadyk ýagdaýlaryň biri boldy.
Italiýanyň ýygyndysy bolsa, duşuşygyň 1-nji minutynda derwezesinden gol geçirtdi. Muňa garamazdan, italýanlar tijenip, 11-nji minutda Bastoniniň we 16-njy minutda Barellanyň gollary bilen 2:1 hasabynda üstün çykdy.
