JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Italiýa hem ýarym finalda

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Ispaniýadan soňra Italiýa hem ýarym finala çykdy. Ýewropa çempionaty başlan gününden bäri garşydaş toparlaryny ýeňip gelýän Italiýa çärýek finalda çempionatyň güýçli toparlaryndan Belgiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utdy.

Italiýanyň golalryny 31-nji minutda Nikola Barella, 44-nji minutda bolsa Lorenzo Insinýa geçirdi. Belgiýanyň goly bolsa 45+2-nji minutda Romelu Lukaku 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda gol bolmady. Şeýlelikde Italiýa ýarym finala çykan ikinji topar boldy.

6-njy iýulda sagat 00:00-da Angliýanyň “Uembli” stadionynda ýarym finalda Ispaniýa bilen Italiýa duşuşar.

 

Ýewro-2020: Ispaniýa ilkinji ýarym finalçy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler