Ýertudana tebigatyň bize hödürleýän diňe bir ajaýyp sowgady bolman. Gyrmyzy reňkli bu kiçijik miwäniň saglyga uly peýdasy bardyr. Bedeni toksinlerden tebigy taýdan arassalaýan we ýokumlylygy ýokary bolan ýertudana şiresi witaminleriň we antioksidantlaryň çeşmesidir. Mundan başga-da, semremäge kömek edýär. Ýertudana şiresiniň has peýdaly tarapy minerallara we witaminlere baý bolmagydyr. Iýmitiňiziň gapdalyndan ýertudana şiresini içmek isleseňiz, aňsatjak taýýarlap bilersiňiz. Ol diňe saglygyňyza peýdaly bolmakdan başga-da, tebigy horlanmaga we bedeni detoksifikasiýa etmäge kömek edýär. Aýda azyndan on gün ertirlik üçin ýertudana şiresini içmek maslahat berilýär. Ol bedeni detoks etmek üçin ajaýyp usuldyr.
Ýertudana şiresi kimler üçin has peýdaly?
Urik kislotasy ýokary bolanlara,
Kalsifikasiýa we revmatizmli adamlara,
Gipertoniýa we ýürek-damar näsaglara,
Ganazlygy bolanlara.
Ýertudana şiresi köp mukdarda C witamini bilen üpjün edýär, bu bedene demiriň has gowy sintezlenmegine mümkinçilik berýär. Gipoglikemiýa meselesi ýa-da glýukoza çalşygy keseli bolan süýji keselli adamlara hasda peýdalydyr
Garajaýewa Sülgün
TOHU-nyň mugallymy
25-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama