BIZNES

Ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin has köp ýer berler

Ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna, onuň ekilýän meýdanyny azaltmak we ýeralma, gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny hem-de piläniň öndürilýän möçberlerini köpeltmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça her ýylda 620 müň gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 1 million 250 müň tonna pagta hasyly alynýar. Häzirki döwürde ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri öndürmek üçin 55 müň 550 gektar ýer bölünip berildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilişi ýaly, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde gowaça ekilýän ýerleri 580 müň gektara çenli azaltmak boýunça teklip taýýarlanyldy.

Gowaça ekininden boşaýan 40 müň gektar meýdana bolsa ýeralma, gök-bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar.

Piläniň öndürilýän mukdaryny köpeltmek üçin degişli meýilnamany 200 tonna artdyrmak teklip edilýär. Şol sanda, Ahal welaýatynda 145 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Mary welaýatynda bolsa 30 tonna goşmaça pile öndürilip, piläniň öndüriljek mukdary 2 müň 300 tonna ýetiriler.

 

Buýan kökünden glisirrizin turşusy öndüriler

Ýene-de okaň

Azerbaýjan 3.8 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Täze maldarçylyk fermasy gurulýar

Hindistan suwuklandyrylan gaz importynda Fransiýadan geçdi

Pekin şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum mümçilikleri bilen tanyşdyryldy

Türkmenistan bilen Gruziýa gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyk baglaşdylar

Özbegistanda üçünji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edildi