BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Ýeňiji bolan Magtymguly etrabynda çagalar dynç-alyş merkezi gurlar

Lot №1 — Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak.

Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar we kompaniýalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli;

— soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipli bukjalar şu salgyda kabul edilýär:

Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy, welaýat häkimligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800222) 2-00-25, 2-00-55.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler